MEDENIÝET

Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

28-nji oktýabr-1-nji noýabr aralygynda Özbegistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Bu barada Özbegistanyň resmi habarlar gullugy habar berýär.

Bu möhüm sungat we döredijilik forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň medeniýet we sungat wekiliýeti Özbegistana bardy. Özbegistanyň Buhara oblastynyň “Olot” gümrük nokadynda türkmen wekiliýetini Alat etrabynyň häkimi Nargiza Nematowa we beýleki resmi adamlar garşylady.

Döredijilik forumynyň çäklerinde Buharada türkmen halylarynyň milli sergisi geçiriler. Şeýle hem türkmen halylaryna bagyşlanan maslahat guralar.

Related posts

Hindi kinosynyň uly ýitgisi

“Titanikden” öňe saýlanan film

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda türki döwletleriň medeniýet hepdeligi geçiriler