HEKAÝALAR

Oglan aýak yzlarym

                                                                             Hekaýa

Akmaýanyň ýoly beýle bir görnükli ýyldyz bolmasa-da, men ony gowy görýän. Sebäp, Göwher gelnejem hernä, gaýradan ilerligine Akmaýa süýnüp ugrandan yhlas bilen tabagyna un salmak bilen bolýar. Onuň beýtmegi, ýyldyz görüp bişirilen çörek özli bolýar. Özli bolýanynyň sebäbini Göwher gelnejem tüýnükden Akmaýanyň süýdüniň hamyr jama damýanlygy bilen düşündirýär. Şonuň üçin men asmanda ýyldyzlar görnüp ugrandan, Akmaýanyň süýdüniň hamyr jama damşyny görmäge Göwher gelnejemlere barýan.

Göwher gelnejemiň hamyr ýugruşyny görmegiň özem, özli çörek iýendenem süýji. Ol eli bilen-ä hamyr ýugurýar, aýagy bilenem, aglak bäbegini ýatyrmak üçin  sallançak bagyny yralaýar. Ýöne meni has heýjana salýan zat hamyr ýugrulyp durka jamyň erňeginden görünýän ap-ak süýtler. Onsoň Göwher gelnejemiň  güýçli ýumruklary uny garyp başlandan hamyr ýylmanmak bilen bolýar. Hamyr ýylmandygyça süýt barha köp çykýar. Onsoň meniň oglan göwnüme asmanda Akmaýa gerinjiräp göni Göwher gelnejemiň ýugurýan hamyryna süýdüni damdyryp duran ýaly bolýar.

Göwher gelnejem tä süýt çekilýänçä hamyry ýugurýar. Soň ýugrumy ýeten hamyr eýi ýeten palçyk ýaly şykga dönýär. Soňam güberilip duran tamdyra ot goýberilýär. Ine, şol pursat, men ebedilik beýnimde galan ysy – obamyň ysyny alýaryn. Ilki oduň ysy – guran ýowşanyň ysy obama dolýar. Soňam tamdyr çöreginiň ysy. Men häzir ony deňemäge zat tapamok. Bir aýdyp biljek zadym,  perzendi üçin hemişe süýdüň ysy gelip duran enäniň goltugynyň ysy ýaly onuň ezizdigi. Men şol mährem ysy almak üçin, her gün arkam bilen  ak sähradan guran ýowşany – tamdyrtowlugy getirýärin.

Soň Göwher gelnejem barmaklarynyň yzy çykan çörekleri tamdyrdan çykarardy. Olaryň sany beýle bir känem däldir, ýöne syrgynymyza ýeter. Hatda gysgançlyk edilmän, çöregiň bir bölegi Baltaga-da beriler. Baltagam beýleki itleriň edişi ýaly, öňüne oklanan çöregi gömüp gelip, ýene hantama bolman, hoşallyk üçin ömür sülekeýi akyp duran garry tumşugyny Göwher gelnejemiň dyzyna goýar. Onsoň hemmeler çöregi huruş bilen iýen ýaly bolar.

Soň ýene asmanda ýaldyrap Akmaýa görner, ýene Göwher gelnejem tabagyna un salar…

* * *

Göbek ganym daman obamyň goltugyndan sogrulyp gaýdanyma gör, näçe ýyl geçdikä?! Bilemok, ýöne ep-esli wagtyň geçendigini bilýän. Ynha, bu gün müýnli ýaly, şo-ol bir wagtky oglan aýak yzlarymy görmäge barýaryn. Şol tanyş ýol. Ol gumaksam bolsa eziz. Sebäp ol obama barýar. Gaýrak sowulýan ýol bilen biz oduna giderdik. Olam düýeleriň ýoly. O-da, köşek sürýän takyrymyz. Ol günler baý hezildä. Aradan ençe ýyl geçensoň oň hezili hasam duýulýar. Geçen günleri ýatlanymda göwnüme aradan şunça wagt geçmedik ýaly bolýar.

Kimdigini tanamadym, bäş-on sany dowary öňüne salyp hon-ha biri örümli guýa ýetip barýar. Ukusyna garygan çaga arasyny üzüp, ýaltalyk bilen aglaýar. Çala allalasaň uklajak. Golaýjykda göze görünmeýän sähra guşy saýraýar. Gapdaljygymdan miwesi bişen bag ýaly, owadan gyz geçip gitdi.

Obamyz öz işini bilýän suratçynyň birneme könelişen suratyna çalym edýär. Rehimsiz wagt Göwher gelnejemdenem öz hasabyny alypdyr. Onuň bir wagtky, hemmeleriň eý görýän owadan gözleri süzülipdir. Ýöne onda-da ol öz derdini unutmandyr. Köne adamlar şeýle-dä. Asmandan ýyldyzlar görnüp ugrandan, tabagyna un salmak bilen boldy. Ýöne indi ol hamyry goşa ýumrugy bilen däl-de, çep eli bilen hamyr jamynyň gyrasyndan tutup, ýeke ýumrukda, sag eli bilen ýugurýar… Ýa ol gartaşyp ýörmükä…

                                     Öwezmyrat ÝERBENDI.

 

 

 

    

Ýene-de okaň

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri