BIZNES

Türkmenistan Russiýa 5 milliard kubmetr tebigy gaz iberer

Türkmenistan 2023-nji ýylda “Gazprom” kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama boýunça Russiýa 5 milliard kubmetr tebigy gaz iberer. Bu barada “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Aşgabatda geçirilen nebitgaz forumynyň jemlerine bagyşlanan metbugat ýygnagynda belledi.

“TASS” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, “Russiýa Federasiýasyna türkmen tebigy gazyny ibermek boýunça hyzmatdaşlyk tejribesine laýyklykda, biziň şertnamamyz bar. 2019-njy ýylda soňky gezek şertnama baglaşylypdy. Şertnama ýyllyk 5 milliard kubmetr tebigy gaz ibermek üçin niýetlenendir. Türkmen tarapy öz üsütne alan borçnamalaryny ýylyň-ýylyna ýerine ýetirip gelýär. Şonuň üçin şertnama öz möçberinde ýerine ýetirilýär we şu ýyl Russiýa 5 milliard kubmetr möçberinde tebigy gaz eksporty garaşylýar” – diýip, Arçaýew belledi.

Şeýle hem “Gazprom” bilen şertnamanyň 2024-nji ýyla çenli hereket edýändigini belledi.

2022-nji ýylda şu agzalan şertnama esasynda “Türkmengaz” döwlet konserni Russiýa 5 milliard kubmetr, 2021-nji ýylda bolsa, 10 milliard kubmetr tebigy gaz iberdi.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy