JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň işewür toparlaryny Türkmenistana çagyrdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň işewürlik maslahatynda eden çykyşynda häzirki tapgyrda Türkmenistanda dürli senagat pudaklarynda, medeni-durmuş ugurlarynda giň möçberli iri taslamalaryň meýilleşdirilýändigini belledi we olar innowasiýalara we ýokary tilsimatlara esaslanýan inženerçilik pikirlerini, baý tehniki tejribeleri we ussatlygy talap edýändigini nygtady.

«Şonuň üçin biz agzalan taslamalary, aýratynam döwrebap akylly şäher ýörelgelerine laýyklykda bina ediljek «Aşgabat-Siti» konsepsiýasyny we Arkadag şäherinde guruljak senagat klasterini bilelikde işlemek üçin Türkiýäniň işewür toparlaryny Türkmenistana çagyrýarys» diýip, Arkadagly Serdarymyz aýtdy.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi