BIZNES

Türkmenistan Türkiýe Respublikasyna Bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmegi teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky eden çykyşynda Bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmek baradaky teklibi öňe sürdi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ulag-kommunikasiýa pudagy möhüm we geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda täze ulag desgalarynyň, awtomobil we demir ýol geçelgeleriniň giňgöwrümli gurluşyk işleri alnyp barylýar, howa we deňiz menzilleriniň durky täzelenýär.

Arkadagly Serdarymyz iki ýurduň ulag edaralarynyň, assosiasiýalarynyň we kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli esasda iş duşuşyklaryny geçirmegi teklip etdi.

«Mundan başga-da, ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, işleri utgaşdyrmak we sazlaşykly alyp barmak maksady bilen, döwlet ulag sektorlarynyň we hususy ulag-logistika kompanilarynyň gatnaşmaklarynda Bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmegi maksadalaýyk hasaplaýarys» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky eden çykyşynda türk kompaniýalaryna ylym we tehnika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar