BIZNES

Türkmenistan bilen Türkiýe bilelikdäki maýa goýum gaznasyny döreder

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky eden çykyşynda bilelikdäki maýa goýum gaznasyny hem-de maýa goýumlary boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan daşary ýurtlar bilen maýa goýumlary babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýändigini we bu ýerde esasy maksat ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri energetika we infrastruktura taslamalaryna daşary ýurt maýalaryny çekmekden ybarat bolup durýandygyny nygtady.

«Şeýlelikde biziň öňümizde işlemek üçin giň meýdança açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Bilelikdäki maýa goýum fonduny hem-de Maýa goýumlary boýunça Bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip edýäris» diýip, Arkadagly Serdarymyz belledi.

Döwlet Baştutanymyz şol bir wagtda, türk maýadarlarynyň we senagatçylarynyň ýurdumyzda alyp barýan işlerini maliýe taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkiýäniň käbir uly banklarynyň Türkmenistanda şahamçasyny açmak meselesine seretmegi hem makul görýändigimizi aýtdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Türkiýe bilen oba hojalygynda we suw serişdelerini rejeli ulanmakda hyzmatdaşlygy ösdürmeklige taýýardygyny aýtdy.

«Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tohumçylyk we seleksiýa ulgamyny ösdürmek we täze iş tilsimatlary önümçilige ornaşdyrmak babatda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi we tejribe alyşmagy teklip edýäris. Bu ugurlarda ýöriteleşen türk kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygymyzy beýan edýäris» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar