DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti sebit maslahatyna gatnaşdy

Ženewada Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri A.Germanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) guramagynda geçirilen “Ilat we ösüş: hukuklaryň we saýlawyň üpjün edilmegi” atly sebit maslahatynyň işine gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan bäş ýyllyk döwürleýin syn gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi, şeýle hem çäräniň mowzugy bilen baglylykda, ozal taýýarlanan döwürleýin hasabatlaryň esasynda ýurtlar tarapyndan bu ugurdan durmuşa geçirilýän strategiýalar we düzülen maksatnamalar,  ýetilen sepgitler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda ýurdumyzda ilat we saglygy goraýyş pudagynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalar, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrunda, şol sanda, ýokary hilli derman serişdelerini we enjamlaryny satyn almak arkaly reproduktiw saglygy ugrunda hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda gazanylan üstünlikler barada, şeýle hem döwlet meýilnamalaşdyryş işlerinde uly ähmiýete eýe bolan 2022-nji ýylda geçirilen ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy barada bellenilip geçildi.

20-nji oktýabrda saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Ilat gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Diena Keýt bilen duşuşygy geçirildi, onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we ýakyn geljek üçin ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri