BIZNES

Merkezi Aziýa – Hytaý gümrük gulluklarynyň başlyklarynyň duşuşygy

Merkezi Aziýa – Hytaý gümrük gulluklarynyň başlyklarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy hem gatnaşdy. Şu ýylyň 17-18-nji oktýabrynda Pekin şäherinde bolup geçen «Bir guşak, bir ýol» Üçünji ýokary derejeli maslahaty bilen gabatlanyp geçirilen bu duşuşyk Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň şu ýylyň 21-nji aprelinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen birinji duşuşygynyň dowamy boldy.

Şol duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar göz öňünde tutulyp, bu resmi däl duşuşygyň gün tertibine Bir penjire ulgamynyň çäginde hyzmatdaşlyk etmek barada çarçuwaly ylalaşygy baglaşmak; Serhetýaka geçiriş nokatlaryny dolandyrmak çygrynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda çarçuwaly ylalaşygy baglaşmak; Gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak çygrynda hyzmatdaşlygy berkitmek; Gümrük barlaglaryny tehniki serişdeleriň hem-de akylly tehnologiýalaryň kömegi bilen amala aşyrmak babatda tejribe alyşmak; Ygtyýarly ykdysady operatorlary özara ykrar etmek; Gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreş babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de harytlar barada deslapdan maglumat alyşmak ýaly ugurlar boýunça meseleler girizildi.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesi boýunça taraplar, «Bir guşak, bir ýol» taslamasyny ilerletmek maksady bilen seredilen meseleleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 38.9 milliard kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin maksatnama rejelendi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine täze ýolbaşçy bellendi

Azerbaýjan Türkmenistandan 155.3 million kubmetr tebigy gaz import etdi

Ýewropa maýa goýum bankynyň wise-prezidenti Türkmenistana geler

Türkmenistan halkara maliýe guramalaryň goldawy bilen üç gäminiň gurluşygyna tender yglan etdi