BIZNES

Rifat Hisarjyklyoglu Bütindünýä palatalar federasiýasynyň başlygy wezipesine saýlandy

Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu ýene-de bir täze weizpä saýlandy. Bu gezek Rifat Hisarjyklyogluny Bütindünýä palatalar federasiýasynyň başlygy wezipesine saýladylar.

Rifat Hisarjyklyoglu 6 dalaşgäriň arasynda iň köp ses alyp, dünýäniň 115 ýurdunyň söwda-senagat edaralaryny birleşdirýän Bütindünýä palatalar federasiýasynyň başlygy boldy.

Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu öz ýurduna we öz ýurdunyň işewürlerine şeýle abraýly guramada wekilçilik etmegiň uly abraýdygyny belledi.

Rifat Hisarjyklyoglu 2023-2025-nji ýyllarda Bütindünýä palatalar federasiýasyna başlyklyk eder. Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşigi 365 söwda edarasyndan, biržadan we 2 milliondan gowrak firmany özünde jemleýär.

Bütindünýä palatalar federasiýasynyň 2022-2025-nji ýyllardaky esasy wezipeleri işewür zenanlaryň ornunyň güýçlendirilmegi, kiçi we orta telekeçiligiň dünýä bazaryna elýeterliligini has-da ýokarlandyrylmagy, kiçi we orta telekeçiligiň sanlylaşdyrylmagy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmekden ybarat bolar.

Merkezi edarasy Fransiýanyň Pariž şäherinde ýerleşýän Bütindünýä palatalar federasiýasy global derejede söwda edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy üçin esaslandyryldy.

Bütindünýä palatalar federasiýasynyň her 2 ýylda bir gezek kongresi geçirilýär.

Rifat Hisarjyklyoglu mundan ozal Halkara söwda palatasynyň dolandyryjylar geňeşiniň agzalygyna saýlanypdy. Şeýle hem Rifat Hisarjyklyoglu Ýewropanyň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň başlygnyyň orunbasary, Yslam söwda, senagat, oba hojalygy edarasynyň başlygynyň orunbasary, Aziýa-Ýuwaş ummany söwda-senagat edaralary konfederasiýasynyň başlygnyyň orunbasary wezipelerini hem alyp barýar.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy