MEDENIÝET

Meşhur fransuz aktýory Türkmenistana geldi

Fransiýanyň meşhur kino aktýory Edaur Montut ilkinji gezek Türkmenistana geldi. Meşhur “Taksi” filmindäki keşbi bilen tanalýan fransuz aktýory Arkadag şäherinde geçirilýän kinofestiwala gatnaşar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 14-15-nji oktýabrda Arkadag şäherinde Merkezi Aziýanyň kino wekilleriniň gatnaşmagynda “Arkadagyň säheri” atly film festiwaly geçirilýär.

Oňa Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bir hatarda Türkiýeden, Fransiýadan we beýleki ýurtlardan kino äleminiň ussatlary gatnaşýar.

Şol festiwala gatnaşmak üçin ýurdumyza ilkinji gezke gelen fransuz aktýory Eduar Montut başga-da köp snaly filmlerde surata düşen meşhur aktýordyr.

Ol paýtagtymyza gelen wagty özüniň ilkinji duýgulary paýlaşdy. Türkmenistanyň halkara habarlar merkeziniň habar bermegine görä, fransuz aktýor Eduar Montut Türkmenistana ilkinji gezek gelýändigini we şeýle iri göwrümli film festiwalynyň ilkinji gezek geçirilýändigini belledi.

Ol Türkmenistanda bolýandygyna örän şatdygyny belledi.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy