JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyzystana iş sapary başlandy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen bardy.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Gyrgyzystanyň paýtagtyna çenli uçuşy amala aşyryp, «Manas» Halkara howa menziline gondy. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow we resmi adamlar garşyladylar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Bitarap Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde açyk we deňhukukly dialoga ygrarlydygyny bellemek gerek. Ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň ugry boýunça giň netijeli hyzmatdaşlyk bu strategiýanyň esasy ugry bolup durýar.

Ýene-de okaň

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Patyşa Karl III bilen duşuşdy

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar