DÜNÝÄ

Gyrgyzystan we Russiýa söwda dolanyşygyny 5 milliard dollara ýetirer

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow resmi saparda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikler geçirdi. Bu barada iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalara gol çekildi.

Gepleşikleriň jemleri boýunça metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş eden Sadyr Žaparow resmi sapar bilen gelen Wladimir Putini kabul edendigine şatdygyny belledi. Özüniň Russiýa amala aşyran saparyndan 5 aý soňra Russiýanyň Prezidentiniň sapar bilen gelendigini bellän Gyrgyz Lideri gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşandyklaryny belledi.

Iki ýurduň arasyndaky söwda möçberiniň yzygiderli artýandygyna kanagatlanma bildiren Sadyr Žaparow özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek babatda ylalaşandyklaryny belläp geçdi.

Gepleşiklerde maýa goýum, ýangyç-energetika we oba hojalygynda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryna aýratyn üns berildi. Iki ýurduň hökümetiniň ykdysadyýetleri diwersifikasiýalaşdyrmak, iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda işlerini işjeňleşdirmegi babatda ylalaşdyk – diýip, Gyrgyz Lideri belledi.

Şeýle hem ol bu saparyň öňüsyrasynda geçirilen gyrgyz-rus sebitara maslahatynda umumy bahasy 3,5 milliard dollara barabar bolan şertnamalaryň gol çekilendigi aýdyldy.

Saparyň çäklerinde Wladimir Putin özüniň gyrgyz kärdeşini Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy – Hormat ordeni bilen sylaglady.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri