BILIM

Halkara  nebit  we gaz  uniwersiteti bilen Hytaýyň Nebit uniwersiteti hyzmatdaşlyk eder

2023-nji  ýylyň 1-2-nji  oktýabry  aralygynda  Hytaýyň  nebit  uniwersitetiniň  (Pekin) 70  ýyllygy  mynasybetli  geçirilen  “Uglerod  neýtrallygyna  tarap: Bilim, Tehnologiýa we  Zehin” atly   halkara  maslahata  Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky  Halkara  nebit  we gaz  uniwersitetiniň  rektory  hem-de  wekili  gatnaşdy. Halkara  maslahaty  3  forum  boýunça  yzygiderli  geçirildi:

1.   Uglerod neýtrallygy  boýunça  bilim ulgamy;

2.   Uglerod  neýtrallygy  babatda ylmyň  we  tehnologiýanyň  gelejegi;

3.   Uglerod  zyňyndylary nyneýtrallaşdyrmak  boýunça  ýaş  zehinler.

Maslahatyň  “Uglerod  neýtrallygy  babatda  ylmyň  we  tehnologiýanyň  gelejegi”  forumunda  Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky Halkara  nebit  we  gaz uniwersitetiniň  rektorynyň  “Türkmenistanyň  nebitgaz  pudagynda  ylym, bilim we  innowasion tehnologiýalar” atly  tema  boýunça  çykyşy  diňlenildi.

Halkara  maslahatda  uglerod  neýtrallygyny  gazanmak  we  ýaşyl  energiýa  geçilmegini  çaltlandyrmak  babatda  meseleler  ara  alnyp  maslahatlaşyldy.  Bu halkara  maslahat  uglerod  neýtrallygyny  we  adamzadyň  durnukly  ösüşini  üpjün  etmekde  bütin  dünýä  energetika  ulgamynda  ylym, bilim  we  tehnologiýa babatda  ýaş  zehinleriň  arasynda  pikir  alyşmaga  hem-de  bilim  we  tejribe  toplamaga  uly  ýardam  berdi.

Forumyň çäklerinde Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky  Halkara  nebit  we gaz  uniwersiteti bilen Hytaýyň Nebit uniwersitetiniň arasynda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky ähtnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlarynyň Astanadaky üstünligi

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýdan 12 medal bilen dolandylar

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türk ministri: 37500 türkmenistanly talyp Türkiýede bilim alýar