DÜNÝÄ

Astana şäherinde konkur ýaryşy guraldy

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky  ilçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Astana şäherindäki Argymak atçylyk toplumynda konkur ýaryşyny gurady.

Bu sport çäräsine Gazagystan Respublikasynda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, Astana şäheriniň häkimliginiň wekilleri, tanymal gazak türgenleri we atçylyk sporty bilen meşgullanýanlar gatnaşdy.

Çärede çykyş eden Türkmenistanyň ilçisi, garaşsyzlygyň üç onýyllygynyň dowamynda ýurdumyzyň esasy üstünlikleri: ykdysady ösüş, jemgyýetçilik ösüşi we halkara gatnaşyklarynda işjeň orny barada maglumat berdi.

Soňra çäräniň çäklerinde atly sport bilen meşgullanýan türgenleriň görkezme çykyşlaryna tomaşa edildi.

Çäräniň ahyrynda sport festiwalynyň ýeňijilerine medallar, hormat hatlary we gymmatly baýraklar gowşuryldy. Konkur ýaryşynyň iki ugurda geçirilendigi we şol ýaryşlarda ahalteke atyna atlanan türgenleriň ýokary görkezijiler görkezendigi bellenilip geçilýär.

Related posts

Arzuwlaryň yzy bilen

vepa

Dünýäniň iň uly syn ediş çarhy

Türkmenistan, 108. Uluslararası Çalışma Konferansı’na katılıyor

vepa