DÜNÝÄ

Eýranyň Gülüstan welaýatynyň hakiminiň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň hakimi Ali Mohammad Zanganeniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmaga gelen wekilýet bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen EYR-nyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini nygtap geçdiler.

Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen Eýranyň Gülüstan welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady, ulag, ýükleri üstaşyr geçirmek, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşyldy.

Related posts

“Aýlagyň Arap döwletleri-Merkezi Aziýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

ŞHG-niň Bişkekdäki sammitinde 30-a golaý resminama gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Ýewropa Bileleşiginden daşky gurşawy goramak babatda aýgytly ädim