DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa-ABŞ: “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meýdançasy

Ozal hem habar, Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň işine, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «С5+1» görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «С5+1» görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mehanizmi 2015-nji ýylda döredildi. ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirilen maglumatnama görä, bu köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk platformasy ABŞ-nyň hökümetiniň Merkezi Aziýa döwletleri bilen umumy hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

  • 2015-nji ýylda döredilen «С5+1» görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň arasynda ministrler hem-de dürli ugurlardaky iş toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşyklar bilen ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlyk dialogy giňeldilýär.
  • «С5+1» görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iş toparlary ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak we howpsuzlyk ugurlarynda bolup, sebit maksatnamalary durmuşa geçirilýär.
  • 2021-nji ýylyň sentýabryndan bäri «С5+1» görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde ministrler derejesinde 4 duşuşyk geçirildi.
  • 2022-nji ýylda «С5+1» görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň sekretariaty döredildi we ol hem ministrler derejesindäki we beýleki çäreleri guramaga mümkinçilik döredýär.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri