JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa-ABŞ” sammitine gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak üçin 17-20-nji sentýabry aralygynda Nýu-Ýork şäherinde saparda bolar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birinji duşuşygyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň milli howpsuzlyk boýunça kömekçisi Jeýk Salliwan metbugat brifinginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäklerinde  Prezident Baýdeniň Merkezi Aziýanyň 5 döwletiniň Prezidentleri bilen duşuşjakdygyny mälim etdi.

Bu ýokary derejedäki ilkinji duşuşygyň 19-njy sentýabrda geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmi bolan “C5+1” formatyndaky duşuşyklar ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde yzygiderli geçirilip gelinýär.

 

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri