BIZNES

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler

Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň» ýokary derejede guralmagy bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan giň gerimli işler alnyp barylýar.  Bu barada Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy habar berýär.

Gözel Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini bütin dünýä ýaýbaňlandyrmak maksadyndan ugur alnyp, 2023-nji ýylyň 20-21-nji sentýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu sergi boýunça Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda pawilýonlary serginiň çyzgysyna laýyklykda ýerleşdirmek, şeýle hem serginiň meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça degişli işler  alnyp barylýar. Serginiň guramaçylyk işine ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, jemgyýetçilik guramalary hem-de hususyýetçiler işjeň gatnaşýarlar.

Sergi zalynda tehnologiýanyň iň soňky gazananlary esasynda innowasiýa çözgütlerine daýanylyp, tanyşdyrylyş dabarasy üçin ýörite meýdançanyň gurnalmagy göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurdumyzyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň we düzümleriň ýeten sepgitleri, medeni we intellektual kuwwaty, durmuş-ykdysady taýdan örän uly mümkinçilikleri bilen serginiň myhmanlaryny tanyşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolar.

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ýeten belent sepgitleriniň dünýä jemgyýetçiligine ýaýradylmagy üçin bu sergä ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy