SPORT

Germaniýa ilkinji gezek dünýä çempiony boldy

Germaniýa ilkinji gezek basketbol boýunça dünýä çempiony boldy. Germaniýanyň milli ýygyndysy basketbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygynda Serbiýanyň ýygyndysy 83:77 hasabynda utup, taryhynda ilkinji gezek çempion bolmagy başardy.

Filippinler döwletiniň paýtagty Manilanyň “Mall of Asia” sport toplumynda geçirilen duşuşyga 12 müňden gowrak janköýer gatnaşdy.

Germaniýa taryhynda ilkinji gezek çempion boldy. Mundan ozal, german basketbolçylary final duşuşygynda oýnamandy. 2002-nji ýylda bürünç medal gazanypdy.

Serbiýanyň ýygyndysy bolsa, soňky 3 dünýä çempionatynyň 2-sinde ikinji gezek finalda ýeňildi.

Duşuşygyň iň netijeli basketbolçysy Germaniýanyň ýygyndysyndan Dennis Şreder boldy. Ol 28 utuk jemledi.

Final duşuşygynyň iň gowy basketbolçysy hökmünde german ýygyndysyndan Frans Wagner saýlandy.

Basketbol boýunça dünýä çempionatynyň bürünç medal ugrundaky duşuşygynda ABŞ-nyň ýygyndysyny 127:118 ýeňen Kanadanyň ýygyndysy üçünji orny eýeledi.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler