SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

7-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size  7-nji  sentýabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Esasanam günüň başynda özüňizi rahat tutmak aňsat bolmaz. Bu wagt, köp bolup geçyän wakalary ýüregiňize ýakyn alarsyňyz. Tejribe we aladalar, işiňize ünsi jemlemegiňiziň öňüni alar. Käbir ýalňyşlyklar göýberip bilersiňiz. Oňyn wakalaryň täsiri her geçýän sagadyň dowamynda artar. Günortan üstünlik gazanmak has aňsat bolar. Adamlar bilen düşünişmek ukyby amatly bolar, hatda size düýbünden meňzemeýänlere-de düşünmek üçin çemeleşme taparsyňyz. Köne dostlary görmäge mümkinçilik bolar, olar diňe bir sizi begendirmän, eýsem gyzykly bir iş hödürläp bilerler.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Özüňizi hakykatdanam gyzyklandyrýan zady etseňiz, gün gowy bolar. Uzak möhletli, içgysgynç işleri başga birine tabşyrmak has gowudyr. Köne meýilnamalara gaýdyp gelip bilersiňiz, olary durmuşa geçirmäge mümkinçilik taparsyňyz. Pul töwekgelçiligine düşmezlik, şübheli amallara girmezlik has gowudyr. Şahsy gatnaşyklara degişli hemme zatda oňyn maslahatlary dogry bolar. Häzirki wagtda köp ýakymly pursatlary başdan geçirjek Sowurlar  üçin aýratyn amatly gün bolar.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Bu gün işewürlik ýygnaklary, möhüm gepleşikler, iş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatlydyr. Size iş meselelerinde garaşmadyk adamlaryňyz goldaw berer. Diňe täze ýaranlaryňyz däl, eýsem hakyky dostlaryňyz hem bolmagy mümkin. Alamatyň käbir wekilleri çalt girdeýji gazanmagy umyt edýän teklipleri alarlar. Başga adamlaryň meselelerini çözmek üçin wagt sarp etmäge taýyn boluň. Siziň kömegiňiz ret etmek islemeýän adamlar tarapyndan zerur bolup biler. Meýilnamalary üýtgetmeli bolarsyňyz we köp pikirlenmän ýerine ýetirerseňiz has gowy netije alarsyňyz.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Ýakymly duşuşyklar we adaty bolmadyk tanyşlyklaryň bolmagy ähtimal. Köp adamda gowy täsir galdyrarsyňyz. Adatça tankytlaýan we diňe başgalaryň kemçiliklerine üns berýän adamlar hem siziň özüňizi alyp barşyňyza biperwaý  bolmazlar. Şu gün, durmuşyňyzda möhüm orunda boljak iş ýa-da dostluk gatnaşyklarynyň başlangyjydyr. Ilýuziýalara aldanmaň, ähli zada hakyky tarapdan seretmäge synanyşyň. Bu lapykeçligiň we çynlakaý ýalňyşlyklaryň öňüni alar. Köp Seretanlar öň gazanylan tejribeden peýdalanar.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08

 Ýagdaýlaryň şowly utgaşmasy netijesinde kyn meseläni çalt çözersiňiz, hiç kimiň sizden garaşmadyk üstünligini gazanarsyňyz. Pul barada aýdylanda, öz duýgularyňyza bil baglap bilersiňiz. Ýakyn adamlaryňyzyň maslahatlary gowy girdeýji gazanmaga we biderek çykdaýjylardan gaça durmaga kömek eder. Günüň ortasy möhüm gepleşikler, işdäki ýolbaşçylar bilen duşuşyklar üçin has amatly bolar. Şahsy gatnaşyklar elmydama gowy bolmaz. Käwagt gaharly we sabyrsyz bolarsyňyz, bu sebäpli beýlekiler size aňsat düşünmez.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Täze kynçylyklara baş goşuň. Ýakyn wagtda aladalaryňyzy paýlaşmaga we islendik pursatda kömege taýyn adamlar peýda bolar. Möhüm iş gepleşikleri üstünlikli geçiriler. Adatça diňe öz pikirleriniň dogrudygyna ynanýanlary bu gün, aňsatlyk bilen ynandyryp bilersiňiz. Şahsy gatnaşyklar durnukly ýagdaýda bolar. Tanyş bir gyzykly romantiki hekaýanyň başlamaklygy ähtimal. Özüňize ynanyň!

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Aňsat üstünliklere bil baglamazlyk has gowudyr. Maksada ýetmek üçin sabr etmeli bolarsyňyz. Işewürlikdäki kynçylyklar ýa-da ýolda ýüze çykýan päsgelçilikler sizi meýilnamalaryňyzy terk etmäge mejbur etmez. Barlanan usullar täsiri peseler, şonuň üçin täzelenmäge taýyn boluň, täze bir zat tapyň. Bu gün köne dostlar bilen duşuşmak üçin ajaýyp. Siz olar bilen oňuşarsyňyz, käbir bilelikdäki hereketlere aňsatlyk bilen razylaşarsyňyz. Meýilleşdirilmedik syýahatlar gowy netije berer.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Akraplar gün örän netijeli bolar, köp peýdaly işleri  ýerine ýetirersiňiz. Diňe köne meýilnamalary ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, düýbünden täze meseleleri çözmäge hem wagtyňyz bolar. Telekeçilik işleri bilen meşgullanýan alamatyň wekilleri gowy pul gazanmaga mümkinçilik alarlar. Bu gün, hukuk meselelerini çözmek üçin  amatly bolar. Şahsy gatnaşyklar elmydama gowy netije bermez. Emma biraz ýakyn adamlaryňyza wagt aýyrsaňyz, ähli zadyň gowlaşýandygyna göz ýetirersiňiz. Bu gün hemme meseläni çalt çözersiň, ýagdaýy gowşatmagyň we jedelleriň soňuna çykmagyň ýoluny taparsyňyz.

Kowus (keman 23.11 – 21.12)

Irden keýpiňizi gowulamak aňsat bolmaz. Adatdakysyndan has ýygy-ýygydan ünsüňizi işden sowarsyňyz, käbir ownuk zatlary ýatdan çykaryp bilersiňiz. Möhüm iş gepleşikleri günüň ýaryna çenli yza süýşürilmeli. Şu wagt başgalar bilen umumy dil tapmagyňyz has aňsat bolar. Günüň ikinji ýarymynda durmuşyň ähli ugurlarynda oňyn wakalaryň täsiri agdyklyk eder. Bu gezek gyzykly duşuşyklary we ýakymly tanyşlary wada berýär. Dostlugyň ýa-da romantik gatnaşyklaryň başlangyjy hem bolmagy mümkin. Hemme zat başlangyjyňyza bagly bolar.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Jediler günüňizi gaty ýadaw geçirersiňiz. Diňe bir öz işiňiz bilen meşgullanman, beýleki adamlaryň meselelerini hem çözmeli bolarsyňyz. Hemme zady özbaşdak çözmek hökman däl, sebäbi köpler size kömek etmek isleýärler. Hyzmatdaşlygyň başlangyjy  size täze hünär mümkinçiliklerini açar. Köne dostlaryňyz bilen gürleşmekden lezzet alyň. Bir ýere çagyrsalar, ýüz öwürmäň. Bilelikde gowy wagt geçirersiňiz. Bu gün ownuk satyn alyşlar üçin amatly, şowly bolar. Käbir jediler köpden bäri arzuw edip gelýän zatlaryna eýe bolarlar.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02)

Gün gaty gyzykly bolar. Bir zada ünsi jemlemek kyn. Birbada birnäçe meseläni çözmegi öwrenmeli. Beýleki adamlaryň ýalňyşlyklaryny düzetmeli bolmagyňyz mümkin. Munuň bilen gowy başararsyňyz, ýöne biraz tagalla gerek. Günüň ikinji ýarymynda ýadawlyk duýup, pikirleriňizi aladalardan aýyrmak islärsiňiz. Maliýe meselelerini çözmek ýeňil düşmez. Belli bir ownuk zatlary satyn almaga ýykgyn edersiňiz, bu sebäpli gereksiz çykdaýjylar ähtimal. Şeýle-de bolsa, nagt girdeýjilerede garaşyp bilersiňiz.

Hut (balyk 21.02 – 20.03)   

Dost- ýaranlaryňyz hökmünde görmek isleýän adamlar bilen aragatnaşyk üçin amatly gün. Köplerde oňaýly täsir galdyrarsyňyz, iň gowy tarapyňyzy görkezersiňiz. Öň sizi tanamadyk adamlar nämä ukyplydygyňyzy görerler. Garaşylmadyk çeşmelerden nagt girdeýjiler, şeýle hem gymmatly sowgatlar size garaşýar. Günüň ikinji ýarymy söwda etmek üçin amatly bolar, zerur zady satyn alyp bilersiňiz. Agşam ýakynlaryňyz bilen geçirmäge synanyşyň. Olar bilen gürleşmek sizi begendirer, üstesine-de, gowy maslahat almak mümkinçiligiňiz bolar.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama