Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu hepde aýratyn duýgur bolarsyňyz, öňkiňizden özüňizi biraz ejiz duýarsyňyz. Hatda ownuk şowsuzlyklar hem sizi gynandyryp biler. Käbir hamallar özündäki ukyplara şübhelenip başlarlar, uly netije getirjek meýilnamalardan ýüz öwrüp, az zat bilen kanagatlanmak hakynda pikir ederler. Sizi köplenç tankytlaýan adamlar bilen aragatnaşyk saklamaga synanyşyň. Ozal göýberen ýalňyşlyklaryňyzy ýadyňyza salyp gamlanyp oturmaň. Öň çözen meseleleriňiz hakynda nämeleri başarýandygyňyz hakynda pikirleniň. Sizi goldamaga we höweslendirmäge, täze bir iş hödürlemäge ýa-da gowy maslahat bermäge taýyn adamlaryň töwereginde özüňizi gowy duýarsyňyz. Oňyn başlangyçlaryň täsiri wagtyň geçmegi bilen artar. Hepdäniň ikinji ýarymy birinjisinden has rahat we ýakymly bolar. Penşenbe gününden başlap, maşgala işler üçin amatly döwür başlar we özüňiz üçinem, garyndaşlaryňyz üçinem kyn bolan meseleleri çözmäge wagt sarp ediň.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Hepdäniň başy dürli adamlar bilen aragatnaşyk gurmak üçin amatly. Öň size duýgudaşlyk duýmadyk, size dost bolup görünmedik, sizi bilen gepleşiklerden gaça durýanlar bilen hem aňsatlyk bilen düşünişip bilersiňiz. Size erbet pikirde bolup ýören tanyşlaryňyz, siziň ygtybarly ýarandygyňyza göz ýetirerler we birnäçe teklipler bilen ýanyňyza gelerler. Siz olar bilen razylaşmaga taýynmy? Ähli teklibi birbada kabul etmäň, täzeden pikirleniň! Düşünişmezlikler we özara nägilelikler rahat aragatnaşygyňyza päsgel berip biler. Hepdäniň ikinji ýarymynda aýgytly we çalt hereket etmeli bolarsyňyz. Ähli zady wagtly wagtynda ýerine ýetirseňiz, wagtyňyzy biderek zatlara gidirmersiňiz. Işewürlikde hakyky üstünlik gazanyp bilersiňiz. Daş-töweregiňizdäki adamlar ösüşiňizi görerler, sizi hormatlaýan, sizi has gowy tanamak, dost edinmek isleýän adamlar köp bolar. Söýgi hekaýasynyň başlangyjy hem şu hepde başlamagy mümkin.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Jöwzalara hepdäniň başynda maliýe taýdan üstünlik garaşýar. Pul girdeýjileriňiz köpeler. Käbir Jöwzalara bolsa girdeýjisini ýokarlandyrjak täze iş teklip ederler. Gowulyklar siziň tarapyňyzda. Şahsy gatnaşyklaryňyzda hem, söýgi meselesinde-de täsiri duýular. Dogry, ýerine ýetirmeli işleriňiz kän, ýöne şonda-da ýatda galyjy seneler, ýakyn adamyňyz bilen has ýakynlaşmak, durmuşynyň bir bölegi bolmak üçin hem wagt hökman tapylar. Hepdäniň ortalaryna umumy geljegiňize degişli möhüm kararlara gelip bilersiňiz. Hepdäniň ikinji ýarymy hem ýakymly we gowy geçer, emma ownuk düşünişmezlikler ýüze çykmagy ahmal. Işiňiz , okuwuňyz bilen bagly kararlarda howlukmazlyk möhüm. Birden ýalňyşlyklara ýol berip, möhüm jikme-jikleri ýadyňyzdan çykarmagyňyz mümkin.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Bu hepde möhüm bir zat etjek bolýan bolsaňyz, wagt aýyryň. Ilki bilen pikirlenmeli, hereket etjek meýilnamalaryňyzy öňünden taýýar edip goýuň. Akylly we ozal tejribesi bar bolan adamlar bilen maslahatlaşmak artykmaç bolmaz. Käbir seretanlar täze tanyşlar taparlar, özlerini ynamly we rahat alyp bararlar. Öz biznesini ýöretmek isleýän seretanlara goldaw berjek, kömek berjek adamlar peýda bolar. Hepdäniň ikinji ýarymynda oňyn ýagdaýyň täsiri has güüçli bolar. Uzak wagtlap ýerine ýetirip başarmadyk işiňize täzeden baş goşup bilersiňiz. Öň sizi we maşgalaňyzy biynjalyk eden meseler gowy netije bilen çözüler. Hepdäniň ahyrynda romantiki syýahat garaşýar.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Täze başlangyçlar üçin oňaýly boljak bir hepde. Şeýle-de bolsa, özüňize aşa ynamly bolup, töwekgelçilik döredip bilersiňiz. Şonuň üçin möhüm işi ýerine ýetirmezden ozal paýhasly maslahat berjek, ýalňyşlyklardan gaça durmaga kömek etjek adamlar bilen maslahat ediň. Köp ýagdaýlarda özüňize çekijiligiňiz, dürli adamlar bilen düşünişmek ukybyňyz sebäpli sütünlik gazanarsyňyz. Şeýlede bolsa muny hyýanatçylykly ulanmazlyk we hünär gyzyklanmalaryny bulaşdyrmazlyk möhümdir. Garaşylmadyk ýerden girdeýji gelip biler. Käbir esetler bolsa köp mukdarda girdeýji getirjek täze şertnama baglaşmagy mümkin. Üstünlikli satyn alyşlar garaşýar. Söýgi temasynda hepdäniň ikinji ýarymy amatly bolar. Özüňize gerekli adamlaryň kimlerdigine düşünersiňiz.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Iň uly üstünligi işe döredijilikli çemeleşip bilýän, beýlekileriň görkezmelerine eýermän öz pikiri düşünjesi bolan sünbüleler gazanyp bilerler. Bu hepde gzleg we derňew işleri üçin amatly bolar. Şahsy ýeňişleriň bolmagy ähtimal. Başgalaryň güýjin bagly bolmadyk, olardan has ýokary bolan meseleleriň çözülmegine baş goşarsyňyz. Bu bolsa ünsden düşmez. Egerde özüňi dogry alyp barsaňyz, ýakyn wagtda birnäçe teklipler alarsyňyz. Bu hepde ýakyn adamlaryňyz siziň kömegiňize mätäç bolup biler. Olara wagtynda ýardam etmäge synanyşarsyňyz. Munuň üçin özüňiziň käbir meýilnamalaryňyzy üýtgetmeli ýa-da yza süýşürmeli bolarsyňyz. Bu sizi alada goýmaz. Belki meýilleşdirilmedik çykdaýjylar hem peýda bolup biler. Emma sarp edilen puluňyza ökünmersiňiz.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Hepdäniň başy “inisiatiwany” kabul etmek, täze bir zat satyn almak ýa-da meýilnamalaryňyzyň amala aşyrylmagyna kömek edip biljek adamlar bilen pikir alyşmak üçin ajaýyp pursat. Köpler meýilnamalaryňyzyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmak isleýärler. Işewür gatnaşyklar hökmünde başlaýan gatnaşyklar, isleseňiz dostlukly ýa-da romantik bolmagy ahmal. Ujypsyz girdeýjiler garaşylmadyk çeşmelerden bolmagy ähtimal. Köne algylaryňyzy yzyna alyp bilersiňiz. Hepdäniň ikinji ýarymy hem gowy geçer. Şeýle-de bolsa, bu döwürdäki wakalar gaty haýal öser, şonuň üçin sabyrly boluň. Syýahat meýilleşdirýän bolsaňyz, ýolda gijä galmalara we garaşylmadyk çykdaýjylara taýyn boluň. Köne tanyşlaryňyz bilen duşuşukmakdan hoşal bolup bilersiňiz. Hawa, täze tanyşlar sizi birnäçe gezek begendirerler, köp teklipler berip bilerler.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Aňsat ýeňişlere bil baglamaň, hepdäňiz gowy geçer, ýöne şowlulyk eliňizde bolmaz. Üstünlik gazanmak üçin tagalla etmeli bolarsyňyz. Akraplaryň kabiri uzak wagtlap dostlary bilen gatnaşyklaryň has dartgynlaşjagdygyny we özüne täze kömekçi gözläp başlamlydygyna göz ýetirerler. Kararlara howlukmazlyk möhümdir. Iş we şahsy gatnaşyklar barada aýdylanda, utandyryjy ýalňyşlyklara ýol berip bilersiňiz. Tutanýerlilik we özüňe ynam, ýarym galan işiňizi taşlamazlyga, başgalaryň yza çekilen ýerinde islenýän netijäni gazanmaga mümkinçilik berer. Bu hepde-de gazanan tejribäňiz, soňlar hökman peýdaly bolar. Üstünlikli amallar we satyn alyşlar bolmagy ähtimal. Pul bilen bagly ähli zatda duýgularyňyza bil baglap bilersiňiz.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Hepdäniň başynda eden işleriňiziň köpüsi şowly bolar. Ýyldyzlaryň kömegi bilen kän zada tiz baş goşarsyňyz. Käbir kowuslar hünär üstünligine ýeterler, işdäki ýörelgelerini güýçlendirerler, name başarýandyklaryny görkezerler. Köpler siziň işe bolan garaýşyňyzy halaýarlar. Size uly hormat we duýgudaşlyk bilen çemeleşýän adamlar bilen hyzmatdaşlygy teklip ederler. Hepdäniň ikinji ýarymynda pägelçilikler ýüze çykyp biler. Päsgelçilikler sizi yza çekermi? Elbetde ýok. Erjelligiňiz bilen maksadyňyza hökman ýetersiňiz. Bu meselede köne tanyşlaryňyz, sizi gowy tanaýan dostlaryňyz we beýleki ýakyn adamlar size kömek edip biler. Öýde adatdakysyndan has köp aladalar peýda bolar.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Jediler hepdäňiz okuw, iş, döredijilik we gözleg işleri, oýlanmak, ähli zatlara jogap tapmak üçin amatly bolar. Öňe gitmäge ýa-da ýagdaýa dogry baha bermäge päsgel berýän ýalňyşlyklar yzda galar. Öň ünsden düşen käbir mümkinçilikleri görersiňiz we olardan peýdalanmagyň ýoluny taparsyňyz. Adaty bolmadyk pikirler ýüze çykyp biler. Dostlar ýa-da ýakyn adamyňyz şol pikirleriň durmuşa geçirilmegi kömek eder, bu sizi öňküden hem ýakynlaşdyrar. Emma emosional ýagdaýyňyz dartgynly bolar. şol sebäpli käbir adamlar gaty duýgur, gaharjaň bolup görünmegi ahmal. Gysga wagtda gazanylan tejribeler dogry karar bermäge, täze dost tapmaga, ýakynlaryňyz bilen ylalaşmaga päsgel berip biler. Bu çynlakaý borçnamalary ýerine ýetirmek, wada bermek üçin amatly pursat däl.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Daluwlar işlemek üçin gowy hepde. Esasanam öz güýçlerine bil baglamaga, başgalaryň şertsiz goldawynawe gyzyklanmaýan kömegine garaşmazlyga öwrenişen Daluwlar üçin has üstünlikli bolar. Käbir özbaşdak adamlar siziň garaşsyzlygyňyzy, ýeke gitmek ukybyňyzy we siziň jogapkärçiligiňizi öz üstüne alarlar. Soňky wagtlarda şol adamlardan peýdaly teklipleri almagyňyz mümkin. Bu eýýäm adaty bolmadyk dostlugyň ýa-da romantiki gatnaşygyň başlangyjydyr. Sizden düýbünden tapawutly, durmuş tejribesi we dürli gymmatlyklary bolan adam sizi haýran galdyrmagy mümkin. Ýöne azajyk wagt geçer we täze bir tanyşyňy başgaça görersiň, ozal üns bermedik häsiýetleri görersiň. Käbir Daluwlara puly tygşytsyz sowmaklygy bilen, biraz kyn ýagdaýa düşürip biler.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Sabr ediň we düşünmäge synanyşyň. Pozitiw boljak boluň. Garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykyp biler, emma bar zat ukybyňyza bagly bolar. elmydama öň edilen meýilnamalara täzeden synanyşyp bilmersiňiz, şonuň üçin birgezekde düzetmäge taýyn boluň. Üýtgeşik birzatlat oýlap tapyň. Adaty däl kararlar bermek ilkibaşda aňsat bolmaz, ýöne tiz wagtdan lezzet alyp başlarsyňyz. Ýürekdeşiňiz bilen gatnaşyklarda kynçylyklar ýüze çykyp biler, käwagt adaty ýagdaýda-da dil tapyşmak kyn bolar. şeýled-de bolsa hemmäni begendirmegiň ýoluny taparsyňyz. Hepdäniň ikinji ýarymynda size aýratyn eziz bolan adamlar üçin ýakymly duşuşuk guramaga mükinçilik bolar. Elbetde bu mümkinçiligi elden gidirmersiňiz.