BIZNES

Gyrgyzystan Türkmenistandan elektrik toguny almagy dowam eder

Gyrgyz Respublikasynyň elektrik energiýasyna bolan zerurlygy 3 milliard kilowat/sagada deňdir. Bu möçberi Türkmenistandan satyn alynýan elektrik togunyň hasabyna kanagatlandyrmak meýilleşdirilýär. Gyrgyz Respublikasy Türkmenistanyň elektrik toguny Özbegistanyň üsti bilen satyn alýar. Bu barada ýurduň energetika ministri Taalaýbek Ibraýew Bişkek şäherinde geçirilen metbugat brifinginde habar berdi.

Şeýle hem ministriň bellemegine görä, Gyrgyzystan Russiýadan elektrik energiýasyny Gazagystanyň üsti bilen almagy amala aşyrýar.

– Şu ýyl üçin şertnamalar baglaşyldy, şertnamalar boýunça elektrik energiýanyň üpjünçiligi alnyp barylýar. Tomus möwsüminde elektrik energiýany satyn almaýarys. Sentýabr-dekabr aralygynda elektrik toguny import edýäris – diýip, ministr belledi.

Ministr geljek ýyl Gyrgyzystanyň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyndan 1.7-2 milliard kilowat/sagat, Russiýadan 1,5 milliard kilowat/sagat hem-de Gazagystandan elektrik energiýanyň belli bir möçberini satyn alynjakdygyny belledi.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy