SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat ugry boýunça goşmaça uçuşlar girizildi

Tomus möwsüminiň gelmegi raýatlarymyzyň Awaza milli syýahatçylyk dynç alyş zolagyna dynç alyşa gitmekleri üçin Aşgabat halkara howa menzili tarapyndan Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat ugry boýunça goşmaça uçuşlar girizildi.

Häzirki wagtda günüň dowamynda 4 sapar uçuşlar amala aşyrylyp, raýatlaryň oňat şertlerde gidip gelmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu barada “turkmenistaninfo.gov.tm” portaly habar berýär.

Aşgabadyň Halkara howa menzili sagatda ýolagçylaryň 1600-sine hyzmat edmäge ukyplydyr. Ol islendik görnüşdäki we ýük göterijiligindäki uçarlary kabul etmek bilen bir hatarda halkara ülňüleriniň derejesindäki hyzmatlary üpjün edýär.

Häzirki wagtda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bir wagtyň özünde dynç alýanlaryň 10 müňden gowragyny kabul edip bilýän 18 sany myhmanhana, 8 sany dynç alyş we sagaldyş merkezleri, şol sanda, 1380 orunlyk çagalar dynç alyş merkezler hem-de 9 sany kottejler toplumlary işleýär.

Syýahatçylyk zolagynyň özüne çekijiligini has-da artdyrmak boýunça geçirilýän ähli çäreler syýahatçylaryň artmagyna ýardam edýär.

Ýene-de okaň

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler