DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Trinidad we Tobago diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Türkmenistan bilen Trinidad we Tobago Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy habar berýär.

Gol çekişlik dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-däki Hemişelik Wwekili, ilçi Aksoltan Ataýewa bilen Trinidad we Tobago Respublikasynyň BMG-däki hemişelik wekili jenap Dennis Fransisiň (BMG Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň saýlanan başlygy) arasynda duşuşyk geçirildi.

Ilçiler dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem halkara guramalarynyň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge berk ygrarlydyklaryny gaýtaladylar. Soňra Ilçiler Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Related posts

Türkiýede Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli küşt boýunça bäsleşik geçirildi

Türkmenistanyň ilçisi şagyzy Takamado bilen duşuşdy

TSTP-niň Merkezi geňeşiniň başlyklygyna S.Owganow gaýtadan saýlandy

Leave a Comment