DÜNÝÄ

BAE-de türkmen-emirlikler akademiki hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Abu Dabide Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýanyň (BAE) Baş müdiri Nikolaý Mladenow bilen duşuşdy.

Duşuşykda N.Mladenow türkmen wekiliýetine akademiki işleri, diplomatik işgärleri taýýarlamak we ylmy barlaglary geçirmek ýaly hereketleri özünde birleşdirýän bu bilim edarasynyň gurluşy hem-de wezipeleri barada maglumat berdi.

Soňra duşuşyk akademiýanyň mugallymlar topary bilen giňeldilen görnüşde dowam etdi, onuň dowamynda akademiýanyň usulyýet we okuw meýilnamasy, şol sanda gözleg, neşir, ylmy we amaly işleri barada maglumat berildi.

BAE-iň ýokary okuw mekdebinde şeýle hem bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşyldy.

Hususan-da, 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň BAE-ne amala aşyran saparynyň çäginde gol çekilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýanyň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama esaslanyp, iki okuw jaýynyň mugallymlarynyň arasynda tejribe alyşmak mümkinçiligine seredildi.

Munuň bilen birlikde, taraplar şu ýylyň güýzünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlarynyň we talyplarynyň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasyna okuw saparyny guramak barada ylalaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň BAE sapary dowam edýär.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri