JEMGYÝET

Türkmen-wenger gatnaşyklaryny ösdürmek üçin möhüm teklipler we başlangyçlar

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban Türkmenistana özüniň ilkinji saparyny amala aşyrdy. Bu saparyň dowamynda geçirilen gepleşiklerde türkmen-wenger gatnaşyklaryny täze derejelere çykarmak üçin möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Umuman, her iki tarap özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyçlary we teklipleri:

  • Iki döwletiň degişli edaralaryna özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga hem-de eksport-import görkezijilerini sazlaşdyrmaga gönükdirilen anyk teklipleri işläp taýýarlamak boýunça tabşyryk bermek teklip edildi.
  • Söwda öýlerini, wekilhanalary, hususy işewürligiň wekilleri üçin maglumat-maslahat beriş meýdançalaryny açmak pikirine garamak teklip edildi.
  • Iki ýurduň ugurdaş döwlet düzümlerine energetika ulgamynda gatnaşyklary ýola goýmak boýunça çäreleriň sanawyny taýýarlamak başlangyjy öňe sürüldi.
  • Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda binýatlaýyn resminamalary gol çekmäge taýýarlamak maksadalaýyk hasaplanýar.
  • Bilelikdäki kärhanany döretmek arkaly senagat we önümçilik kooperasiýasy hyzmatdaşlygynyň geljegine garamagy teklip edildi.
  • Nebitgaz pudagy, önümçilik kooperasiýasy, derman senagaty ýaly ugurlarda we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada teklipleri öňe sürüldi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Türkiýe: bilim hyzmatdaşlygynda täze teklipler

Aşgabatda «Şapak» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly okuwçylar Türkmenistany Kaliforniýada tanyşdyrdylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hytaýly kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Sun Sinlin gaznasynyň işi bilen tanyşdy

Türk alymy Alişer Nowaýy adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri