SIZDEN GELENLER

Bilim – kämillige ýol we üstünligiň açary

Hormatly Prezidentimiz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz» diýip, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillere uly ynam bildirýär, olary Watanymyzyň ganaty, röwşen geljegi hasaplaýar.

Döwletimizde milli bilim ulgamyny ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berlip, onuň işini dünýä ülňülerine laýyk getirmek üçin düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bilim özgertmeleriniň esasy maksady edep-terbiýeli, watansöýüji, sagdyn ruhly, berk bedenli, kämil hünärli, ilhalar nesilleri kemala getirmekden ybarat bolup, ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan çalt depginde ösmeginiň, jemgyýetimiziň medeni we ruhy taýdan has-da kämilleşmeginiň esasy şertleriniň biridir. Maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak, döwrebap okuw-terbiýeçilik işlerini alyp barmak, okadylyşyň hilini innowasion tehnologiýalaryň hasabyna gowulandyrmak arkaly kämil bilim ulgamy döredildi. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň röwşen geljegimiz bolan ýaş nesiller baradaky ýadawsyz aladasynyň aýdyň netijesidir.

Ýaş nesilleriň çuňňur bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ýurdumyzda alnyp barylýan bilim syýasaty «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda alnyp barylýar. Häzirki wagtda maksatnamada bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň kakyldy. Watanymyzyň ähli künjeklerinde belent maksatlara ýetmäge ruhlanan ýaş oglan-gyzlaryň ençemesiniň durmuşyndaky ýatdan çykmajak waka — okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri geçirildi.

Şu ýyl paýtagtymyz Aşgabat boýunça 2022-2023-nji okuw ýylynda 9 müň 876 sany uçurym umumybilim edaralaryny tamamlaýar. Ýaşlaryň Ahal welaýaty boýunça 10 müň 271-si, Balkan welaýaty boýunça 7 müň 132-si, Daşoguz welaýaty boýunça 17 müň 342-si, Lebap welaýaty boýunça 19 müň 295-si, Mary welaýaty boýunça 17 müň 966-sy orta mekdepleriň uçurym bolup, täze durmuş gapysyna ätlediler.

Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alnyp, pugta binýady bolan milli bilim ulgamy döredildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen düýpli wezipelerden ugur alyp, milli bilim ulgamy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, mekdebe çenli, orta, başlangyç hünär, orta hünär, ýokary hünär bilimi edaralaryndaky okuwlaryň ýokary hili üpjün edilýär. «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň», şeýle hem «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» esasynda mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim bermegiň ähli derejelerinde iň öňdebaryjy usullar, pedagogik tejribeler giňden ornaşdyrylýar.

Häzirki döwürde Diýarymyzyň bilim ulgamy örän uly ösüşe eýe boldy. Her ýyl diňe bir şäherlerde däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde-de döwrebap kompýuterler, okuw-tehniki enjamlar, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen okuw mekdepler açylyp ulanmaga berilýär. Bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, okuw işine täzeçillikler girizilýär — on iki ýyllyk umumybilim ugruna geçildi, dersleriň sanawynda ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, modelirleme we grafika, maglumat-aragatnaşyk we innowasion tehnologiýalar, daşary ýurt dilleri ýaly dersler girizildi we ýaşlaryň täze, döwrebap bilimleri özleşdirmekleri üçin mümkinçilikler artdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli we halkara derejeli ders bäsleşikleriniň ýeňijileriniň sany ýylsaýyn artýar, ynsanperwer hyzmatdaşlyk giňeldilýär, ýaş türkmenistanlylar sportda we döredijilikde ýokary netijeleri gazanýarlar.

Döwran Pirgulyýew,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli diller institutynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri