DÜNÝÄ

Eýranda Ahaltele atlarynyň gözellik bäsleşigi geçirildi

2023-nji ýylyň 17-nji maýynda, günüň ikinji ýarymynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Kelala etrabynyň Sufiýan obasynda her ýyl dabaraly geçirilýän Ahalteke atlarynyň XVIII – nji gözellik bäsleşigi geçirilip, onuň işine Türkmenistanyň Eýrandaky Ilçisi Ahmet Gurbanow, Baş Konsul Ylýas Gaýypow, Türkmenistanyň atly sport federasiýasynyň başlygynyň orunbasary, atly sport boýunça at gazanan tälimçi Ýusup Annagylyjow hem-de “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň wekili Parahat Hydyrow dagylar gatnaşdylar. Ýurdumyzdan Eýrana aýratyn çakylyk esasynda gelen iki myhman bäsleşigiň baş eminleri hökmünde çykyş edip, behişdi bedewleriň gözelliklerine öz mynasyp bahalaryny berdiler.

 

Şeýle-de bu çärä EYR-yň Milli atçylyk federasiýasynyň başlygynyň orunbasary Hekim Igdiri, Gülüstan welaýatynyň Kelala we Kümmet-kowus etraplarynyň häkimleri, abraýly atşynaslar, hormatly
il ýaşulylary, musulman jemgyýetiniň wekilleri-ymamlar gatnaşdylar.

 

Çäräniň baş maksady şan-şöhratly Ahalteke bedewleriniň naýbaşy tohumyny saýlamakdan, abraýly bedewlerimiziň dünýä dolan şöhratyny has hem artdyrmakdan hem-de tohum aýratynlyklaryny kämilleşdirmekden, atşynaslyk däpleriniň ösdürilmegini höweslendirmekden, baý milli medeni mirasyň möhüm bölegi hökmünde bu bedewlere dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekden ybarat bolup durýar. Onuň ahyrynda ahalteke bedewleriniň arasynda ýeňijiler yglan edilip, olaryň eýelerine sylaglar gowşuryldy.

 

 

 

 

 

 

 

 

EýGülüstan welaýatynda Magtymguly Pyragynyň doglan güni mynasybetli dabaraly çäre

Ýene-de okaň

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Ilçisi Hubeý welaýatynda geçirilen çärelere gatnaşdy