BIZNES

Birža täzelikleri: suwuklandyrylan gaza uly gyzyklanma

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 50-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Singapuryň, Maltanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gruziýanyň, Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, awtobenzini, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen mazudy satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 91 million 682 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 31 müň 500 manada deň bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen bentonit külkesini satyn aldylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda seýrek duş gelýän minerallaryň gözleginde halkara hyzmatdaşlygy ýola goýlar

Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler

Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň demirýol stansiýalary döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň söwdasy başlar

Aşgabatda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda “e-TIR” ulgamy boýunça ilkinji synag ýük daşamasy başlandy