BIZNES

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy baglaşyldy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny, awtobenzini, uçar kerosinini, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi hem-de ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekillerine nah ýüplükdir mata ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 80 million 30 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 962 müň 500 manada deň bolan bugdaý harpygyny satyn aldylar.

Related posts

Özbegistanyň, Owganystanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

“Rosatom” Gyrgyzystanda ýel energetika taslamasyny durmuşa geçirer

Aşgabat – Gökdepe awtomobil ýolunyň täzelemegi we täze awtomobil köprülerini gurulmagy meýilleşdirilýär

Leave a Comment