BIZNES

Türkmenistan Azerbaýjana nebit eksportyny 4,4 esse artdyrdy

Türkmenistan 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Azerbaýjana çig nebitiň 119,2 müň tonnasyny eksport etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 4,4 esse köpdür – diýip, Trend habar berýär.

Eksportyň jemi möçberi $75,35 mln amerikan dollaryna deň boldy.

Geçen ýylyň ilkinji iki aýynda Türkmenistan Hazaryň üsti bilen $17,11 mln amerikan dollaryna barabar bolan 30,72 müň tonna nebit ugratdy.

Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy Hazar deňziniň iri ulag çatrygy arkaly – Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty we Bakuwyň halkara deňiz söwda porty arkaly amala aşyrylýar.

Related posts

www.trade.com.tm – söwda platformasy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Türk we koreý kompaniýalary Türkmenbaşy etrabynda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmen-hytaý söwda dolanyşygy 8,34 milliard dollara deň boldy

Leave a Comment