MEDENIÝET

Gadyr gijesi mynasybetli medeni çäre geçirildi

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet merkezinde Gadyr gijesi mynasybetli medeni çäre geçirildi. Oňa Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golam Abbas Arbab Hales, Aşgabat şäheriniň ymamy Wepa Hajy hem-de pars dilini öwrenijiler gatnaşdylar.

Çäräniň çäklerinde dürli dillere terjime edilen mukaddes Gurhan kitaplaryny, pars dilini öwrenijileriň çeken suratlarydyr «kolligrafiýa» hat-ýazuwyny özünde jemleýän sergi guraldy. Oňa gatnaşyp, tapawutlanan çagalara guramaçylaryň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Mübärek Oraza aýynyň, hususan-da Gadyr gijesiniň hatyrasyna guralan çäräniň dowamynda agyz açar sadakasy berildi. Näz-nygmatly desterhanyň başynda doga–dilegler edildi.

Related posts

Ilon Maskyň durmuşy barada film surata düşüriler

2024-nji ýylyň “Oskar” baýragyna dalaşgärler belli boldy

Senetçilige bagyşlanan halkara festiwal

Leave a Comment