BIZNES

Türkiýäniň gaz merkezinden tebigy gaz satyn almaga gyzyklanma bildirilýär

Türkiýede döredilegi göz öňünde tutulýan tebigy gaz merkezinden energiýa serişdelerini satyn almaga Ýewropa ýurtlary ggyzyklanma bildirýär. Bu barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez habar berdi.

Onuň bellemegine görä, Türkiýe Respublikasyna Ýewropa sebitinde tebigy gaza gyzyklanma bildirýän döwletler bilen gepleşikler geçirýär. Türkiýäniň bu ugurdaky teklibini ilkinjileriň hatarynda Bolgariýa goldady. Bu ýurt bilen ylalaşyk gazanylyp, tebigy gazyň iberilmegi ýola goýuldy. Demirgazyk Makedoniýa bilen gepleşikler geçirilýär. Rumyniýa bilen gepleşiklerde oňyn netijeler gazanyldy.

Türk ministri Wengriýa, Serbiýa, Bosniýa we Gersogowina ýaly ýurtlaryň hem gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

Türkiýe her ýyl hem turba geçirijiler  hem-de suwuklandyrylan görnüşde 100 milliard kubmetr tebigy gaz kabul edýär. Şonuň 55-60 milliard kubmetri ýurduň öz içerki sarp edijilerine iberilýär. Galan 40 milliardyny arkaýyn Ýewropa ýurtlaryna satmak bolýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi