BILIM

Russiýada okamak isleýän türkmenistanlylaryň dykgatyna!

17 — 28-nji aprel aralygynda bakalawr we hünärmen maksatnamalary boýunça 2023-2024-nji okuw ýylynda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak isleýänleriň arasynda saýlama synaglar geçirilýär. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Ilçihananyň habar bermegine görä, Russiýa Federasiýasynyň 2023-2024-nji okuw ýyly üçin beren kwotasynyň çäklerinde bakalawr we hünärmen maksatnamalary üçin saýlama synaglary geçiriler.

Bu synaglar Türkmenistanda 17-28-nji aprel aralygynda uzak aralykdan test görnüşinde geçiriler.

Saýlama synaglaryna gatnaşjak dalaşgärleriň ýanyndan noutbuk, internete girmek mümkinçiligi, pasport bolmaly. Test synagyna gatnaşmak babatda synag üçin hasaba alynmaly we synagyň 3 gün öňüsyrasynda tehniki taýdan taýýarlyk görmeli.

Bu ugurda ýüze çykýan meseleler boýunça habarlaşmak üçin:

telefon:  +993 64 53 50 25; 94 – 12 – 85

elektron poçta: kvota.otdel_tm@mail.ru

 

Ýene-de okaň

“Hytaýyň ilçisiniň talyp haky” atly taslama boýunça ýeňijiler sylaglandy

Türkmenistan bilen Hytaý bilim boýunça täze ylalaşyklara gol çekişdi

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar