SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

1-nji aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size  1-nji  apreldaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün gezelenç etmek, fiziki işjeňlik, operasiýalar we gozgalmaýan emläk bilen baglanyşykly meseleleri gözmek üçin gowy gündür. Size iş we şahsy duşuşyklar garaşýar. Bu günüňizi ýan-ýoldaşyňyza, maşgalaňyza we ojagyňyza bagyşlamaly bolmagyňyz ahmal. Özüňize we ýakynlaryňyza kiçiräk baýramçylyk guraň, çagalaryňyz bilen wagt geçirmek size aýratyn şatlyk berer.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Gün gyzykly wakalardan, şahsy durmuşyňyzdaky garaşylmadyk öwrülişiklerden doly bolar. Siziň alçaklylygyňyz has-da öser. Söýgi gatnaşyklaryňyz size şatlyk we öz işleriňize bolan ynamlylyk getirer. Siziň öz stiliňiz, durmuşa bolan şahsy garaýyşlaryňyz bar. Olary-da öz ýaryňyzyň kabul etmegini gazanyň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Siziň durmuş potensialyňyz iň ýokary derejesinde ýerleşýär. Emma, planetalaryň oňaýsyz ýerleşmegi siziň pikirleriňiziň amala aşmagyna päsgel berer we düşünişmezlikleriň bolmagyna getirer. Siziň diýseň emosional bolmagyňyz ahmal. Duýgularyňyza erk etmegi başaryň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Siziň özüňize uly ynamyňyz bar. Bu bolsa has-da uly üstünliklere ýetmegiňize kömek eder. Ýyldyzlar size täze zatlary edinjekdigiňize, rysgalyňyzyň has-da köpeljekdigine güwä geçýär. Siziň geljekki hepde üçin maksatlaryňyzy dogry ýerleşdirmegiňiz zerur.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu gün islendik möhüm işe baş goşmak, maglumatlary peýdalanmak üçin gowy güdür. Energiýaňyzy dogry peýdalanmak bilen siz öz sosial derejäňizi has-da galdyrarsyňyz. Käbir sosial taýdan aşak gatlakda ýerleşýän adamlaryň siz bilen tanyşlyk açmak, ýanyňyzda bolmak islegi karýeraňyzyň ösmegine ýetirer. Emma, bu ýagdaý siziň kärdeşleriňiziň arasyndaky abraýyňyzyň gaçmagyna hem täsir edip biler.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün siziň käbir meseleleri soňa goýasyňyzyň gelmegi ahmal. Emma bu islegiňize ýol bermäň. Işiňizi soňuna çenli ýetirseňiz gowy bolar. Şahsy durmuşyňyzda göreşmeklige kyn boljak güýçli duýgyňyzyň bolmagy ahmal.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Siziň öňdengörüjilik ukybyňyz artar. Duýgularyňyzy görkezeniňizde paýhasly, hatda gödegräk boluň. Bu size üns berýän zadyňyzy doly öwrenmegiňize kömek eder. Söýgüde paýhaslylygy elden bermäň. Ýedi ölçäp bir kesiň. Meselelere dogruçyl baha bermegiňiz kynçylyklaryň öňüni alar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Aktiw, döredijilik güni. Bu gün söýgi meselesinde size uly üstünlikler garaşýar. Ykbalyňyza täsir etjek kararlara gelmeklik maslahat berilenok. Döredijilik meslesinde bolsa, ýyldyzlar size üstünlikleri kepil geçýär. Bu gün ýolbaşçylar, täsirli adamlar bilen duşuşyklary geçirseňiz, üstünlik hemraňyz bolar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Siziň durmuşyňyz ösüşiň täze tapgyryna çykar. Size täze işler, adamlar bilen täze gatnaşyklar garaşýar. Bu gün täze işlere başlamaklyk, uzak möhletli meýilnamalary düzmeklik, duşuşyklary amala aşyrmaklyk üçin diýseň oňaýly gündür. Islendik, hatda gorkuly başlangyçlar hem gowy girdeji getirer. Siziň jemgyýetçilik derejäňizi üýtgetmeli bolmagyňyz hem ahmaldyr. Düýşleri bolsa bu gün tersine ýormaklyk maslahat berilýär.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Içki energiýaňyzyň joşup durmagy siziň saýlaň ýoluňyzy üýtgedip biler. Özüňiziň has artykmaçdygyňyzy, gowudygyňyzy subut etmek, abraýyňyzy artdyrmak islegiňiz köp kynçylyklaryň döremegine, ýakynlaryňyz bilen sözüňiziň azaşmagyna getirer. Garaşylmadyk kynçylyklar dostlaryňyz ýa-da ýolbaşçylaryňyz bilen araňyzyň ýaramazlaşmagyna getirer. Ýyldyzlar size bu gün, adatdakydan has durnukly bolmagy we özüňizi saklamaklygy maslahat berýär.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlaryň durmuş potensialy bu gün ýokary derejede bolar. Siziň energiýaňyz, öňdengörüjiligiňiz artar. Bu gün size şahsy we dostlaryňyz bilen duşuşyklar garaşýar. Söýgüli ýaryňyz bilen köpräk wagt geçirjek boluň. Bu siziň ikiňize-de oňaýly täsir eder. Şahsy durmuşyňyzda käbir ýakymly üýtgeşmelere garaşyň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün kollektiw bilen gürrüňdeşlikler, toparlaýyn çäreler peýdalydyr. Pikirleriňizi amala aşyrmak, şatlanmak üçin gowy gündür. Daş-töweregiňizdäkilere ünssüz, gaharjaň bolmak bu gün size hiç hili maslahat berilenok. Siziň özüňizi saklamagy başarmagyňyz, wakalara dogry baha bermegiňiz indiki işleriňiziň we başlangyçlaryňyzyň şowlulygynyň özenidir.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama