BILIM

Türkmenistan Hytaý nebit uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygny ösdürer

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy Hytaý Nebit Uniwersitetininiň (Pekin ş.) ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Hytaýyň hyzmatdaşlygynyň ýokary bilim ulgamyndaky wajyp, ýagny Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna zerur bolan ýokary hilli hünärmenleri taýýarlamak we olaryň derejelerini ýokarlandyrmak, hem-de bilelikdäki ylmy-barlag, medeni gumanitar we jemgyýetçilik ähmiýetli meýilnamalary amala aşyrmak ýaly  meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň ilçisi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda alnyp barýan içeri we daşary syýasatynyň aýratyn ugurlary barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem, ol Türkmenistanyň durmuş-ykdysady we ýaşaýyş ýagdaýlarynyň ýokarlandyrylmagyna hem-de ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagyna we senagatlaşdyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň amala aşyrylýan şertlerininde we “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” atly şygaryň astynda geçýän bu ýylda ýaşlara bilim bermek, olary terbiýelemek we olaryň Türkmenistanyň nebitgaz we nebitgazhimiýa ugurlarynda zerur bolan hünärleri ellerine almak bilen baglanşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga mümkinçilikleriň döredilýändigi belläp geçildi.

Munuň bilen birlikde uniwersitetiň rektory Wu Sýaolinge uniwersitetiň işleri, şeýle hem bu uniwersitetde okaýan türkmen talyplary üçin bilim almak, ýaşamak we dynç almak üçin şertleri barada maglumat berendigi üçin minnetdarlyk bildirildi.

Taraplaryň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmadaşlygynyň 2009-njy ýylda ýola goýuldy we bu döwürde Hytaýyň öňdebaryjy ýokary okuw jaýyny müňe golaý türkmen talyplaryna ýokary bilim berildi.

Şu ýyl bu öňdebaryjy Hytaýyň ýokary okuw jaýy özüniň 70 ýyllyk ýubileýini belleýär. Bu wakany 2023-nji ýylyň oktýabrynda dabaraly ýagdaýda geçirmekligi we onuň bilen baglanşykly  taýýarlyk işlerinde taraplar türkmen wekilleriniň hem gatnaşmagy barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi