BILIM

Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi täze wezipä berildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň orta we ýokary hünär bilimli işgärler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakynda resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegi kämilleşdirmek hem-de Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýadan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýada görkezilen milli maglumat merkezleriniň wezipelerini amala aşyrýan ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi.

Bilim ministrligi Adalat ministrligi bilen bilelikde Buýrukdan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

Related posts

AHAL WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplary Indoneziýadaky halkara ýaşlar ylmy ýarmarkasynda altyn medal gazandylar

Koreýa Respublikasy 2021: Abraýly ýokary okuw mekdepleri

Leave a Comment