JEMGYÝET

Saýlawlar-2023: gatnaşyk 91.12 göterime deň boldy

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky “Garagum” myhmanhanasynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň başlygy Gulmyrat Myradowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijeleri boýunça brifing geçirildi. Oňa “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem wekilleri hem gatnaşdy.

Berlen maglumatlara görä, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary üçin 3,5 milliona golaý saýlawçy hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda Türkmenistan boýunça  3 million 496 müň 304 saýlawçydan 3 million185 müň 763 saýlawçy ses berip, gatnaşyk 91, 12 göterime deň boldy.

26-njy martda geçirilen saýlawlarda saýlaw uçastoklary sagat 7-den agşam sagat 19-a çenli dowam etdi.

Saýlawlara halkara synçylar topary hem işjeň gatnaşdy.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň başlygy Gulmyrat Myradowyň bellemegine görä, bir günde 4 saýlaw geçirilip, oňa saýlawçylaryň işjeň gatnaşandygyny belledi.

Saýlawlary geçirmek üçin ähli çykdajylaryň Türkmenistanyň döwlet býujetinden maliýeleşdirilendigi bellenildi.

Saýlawlaryň saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagy bilen geçirilen hasap edilendigi mälim edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi

Ýapon ilçisi: Türkmenistanda ýapon dilini öwrenýänleriň sany ep-esli artdy

Türkmenistanda daşary ýurt hukuk diplomlaryny ykrar etmegiň tertibi täzelendi

Ata Watan Eserleri

Türkiýe Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkiýäniň, Mongoliýanyň Prezidentinden Türkmenistanyň Prezidentine Täze ýyl gutlagy