JEMGYÝET

Hytaýda “Hytaý-Merkezi Aziýa” formatynyň çäklerinde birinji sammit geçiriler

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Nowruz güni mynasybetli gutlady. HHR-iň Başlygynyň iberen gutlag hatynda şu ýylyň maý aýynda Hytaýda geçiriljek “Hytaý-Merkezi Aziýa” formatynyň çäklerinde birinji sammitiň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini belledi.

Bu gutlag hatynda hususan-da şeýle diýilýär: 

Nowruz baýramy mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň we hytaý halkynyň adyndan, şeýle hem öz adymdan Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Hytaýa üstünlikli amala aşyran döwlet saparyňyzyň barşynda Siziň bilen dostlukly we çuň manyly gepleşikleri geçirdik. Hytaý-türkmen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmagy, şeýle hem Hytaýyň we Türkmenistanyň bitewi ykbalynyň konsepsiýasyny durmuşa geçirmegi bilelikde beýan etdik. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş ýoluny kesgitledi.

Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin we şu ýylyň maý aýynda Hytaýda geçiriljek “Hytaý-Merkezi Aziýa” formatynyň çäklerinde birinji sammite gatnaşmagyňyzy mübärekleýärin. Iki ýurduň hyzmatdaşlykdan uly netijeleriň gaznaylmagyny üpjün etmek üçin Siziň bilen Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary hem-de hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň ägirt uly meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga umyt edýärin.

 

Ýene-de okaň

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy