JEMGYÝET

Harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak hakynda Permanlara gol çekildi

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2023-nji ýylyň aprel — iýun aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmaly.

2. Çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren, ýaşy 27-ä çenli bolan Türkmenistanyň erkek raýatlaryny 2023-nji ýylyň aprel — iýun aýlarynda harby gulluga çagyrmaly.

3. Şu Perman resmi çap edilen gününden herekete girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 15-nji marty.

Resmi habar

“Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 15-nji martynda çykaran №190 belgili Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, goranmak ministrine, içeri işler ministrine, milli howpsuzlyk ministrine, Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy, meýilnamalara laýyklykda, dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.

Ýene-de okaň

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler