DÜNÝÄ

Hepdede 3 gün dynç almak mümkinçiligi öwrenilýär

Saud Arabystany iş hepdesini azaldyp, dynç günlerini 3 güne çykarmak mümkinçiligini öwrenýär. Bu barada ýurduň Adam serişdeleri we durmuş ösüşi ministrligi habar berýär.

Ministrligiň “Twitter” jemgyýetçilik torunda berlen maglumata görä, häzirki wagtda iş ulgamy we hepdäniň ahyryndaky dynç gününi 2-den 3-e ýetirmek mümkinçiligi öwrenilýär.

Mümkin bolan üýtgeşmeler ministrligiň döwürleýin baha bermeginiň bir bölegi hökmünde garalýar, şol döwürde hünärmenler iş ýerleriniň sanyny köpeltmegiň we zähmet bazaryny ýerli we halkara maýa goýumlary üçin has özüne çekiji usullary seljererler.

Bu taslama durmuşa geçirilse, Saud Arabystany Birleşen Arap Emirliklerinden soň has gysga iş hepdesine eýe bolan ikinji ýurt bolar.

2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Birleşen Arap Emirlikleri 4.5 günlük iş hepdesi düzgünini girizdi. anna günleri býujet edaralary we mekdepler ýarym gün işleýär.

BAE-niň Şarja sebitinde işgärler hepdäniň 3 güni – anna, şenbe we ýekşenbe günleri dynç alýarlar.

Ýene-de okaň

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy