SPORT

Messi ýene-de kuboksyz galýar

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşyklary geçirildi. Şol duşuşyklaryň esasylarynyň biri Germaniýada geçirildi. “Bawariýa” topary Messili we Mbappeli Fransiýanyň “PSŽ” toparyny kabul etdi.

Myhmançylykda 1:0 hasabynda ýeňiş gazanan nemes topary jogap duşuşygynda öz meýdançasynda hem “PSŽ” toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Şopa Moting we Serž Gnabri tapawutlandy.

Messi üçin bu duşuşyk özboluşlylygy bilen hem tapawutlandy. Ol Çempionlar ligasynda 150-nji duşuşygyň ilkinji minutlaryndan meýdança çykdy.

Muňa garamazdan, şowsuzlyga uçran Messi 3-nji gezek Çempionlar ligasynda 1/8 finaldan yzyna gadýar.

Çempionlar ligasynyň beýleki duşuşygynda Londonyň “Tottenhem” topary Italiýanyň “Milan” toparyny kabul etdi. Duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlandy. Birinji duşuşykda 1:0 hasabynda ýeňiş gazanan “Milan” topary 2012-nji ýyldan soňra Çempionlar ligasynyň 1/4 finalyna çykmagy başardy.

 

Ýene-de okaň

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy

AFK Çempionlar ligasy 2: «Arkadag» ilkinji tapgyry 1 utuk bilen başlady

Türkmen türgenleri bir halkara ýaryşda 40 medal gazandy

«Ahal» topary Hindistanda ýeňiş gazandy

Ronaldo Saud Arabystanyda “Altyn aýakgap” baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Luka Modriç 64 ýyllyk rekordy täzeledi