JEMGYÝET

«Ene mähri» adyna eýe bolan enelere nyşanlary gowşuryldy

Şu gün — 7-nji fewralda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzda sekiz we şondan hem köp çagany dünýä inderip, terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» ady dakylyp, onuň nyşany gowşuryldy.

Şu ýyl bu belent ada dürli kärlerde zähmet çekýän eneleriň ýüzlerçesi mynasyp boldy. Şu mynasybetli guralan dabarada şeýle ada mynasyp bolan enelere hormatly Prezidentimiziň adyndan ter gül çemenleri, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Eneler, gelin-gyzlar barada edýän aladalary üçin Arkadagly Serdarymyza,  Gahryman Arkadagymyza ýürekleri arzuwdan doly zenanlarymyzyň hoşallyklarynyň çägi ýok.

Sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelerimiziň uly toparyna hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly atlaryň dakylmagy, şeýle-de bu bagtyýar maşgalalaryň birnäçesine döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagy ýaz göwünli mähribanlarymyzyň baýramçylyk ruhubelentligini goşalandyrdy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, mähriban eneleriň 285-si «Ene mähri» adyna mynasyp boldular.

Ýene-de okaň

Gazagystanyň Prezidenti BMG-niň forumy üçin Awaza geldi

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherine geldi

Ata Watan Eserleri

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherine geldi

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Awaza maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antoniu Guterriş bilen duşuşygy

Antoniu Guterriş: BMG-niň Awaza forumy uly ähmiýete eýedir