JEMGYÝET

Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň barşy, birnäçe şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de bu ýerde Russiýanyň «Wozroždeniýa» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

türkmen halkynyň Milli Lideri medeni-seýilgäh toplumynda täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini belläp, häzirki zaman yşyklandyryş enjamlaryny ulanmak arkaly, Magtymguly Pyragynyň tutuş ösen adamzat jemgyýetine belli bolan şygyrlarynyň ganatly setirlerini baýyrlaryň ýüzünde lazer şöhlelendirmeleri arkaly ýagtylandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu wezipeleri üstünlikli berjaý etmäge jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň açylyş dabarasynda şu aýratynlyklaryň-da hökman peýdalanylmagynyň maksada laýyk boljakdygyny belläp, açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini aýratyn belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň döredijilik işgärleriniň mesgeni bolup, olaryň ylhamlarynyň galkynmagyna hyzmat etmelidigine ünsi çekip, şundan ugur alnanda, bu ýerde, heýkeliň ýanynda söwda hyzmatlarynyň-da ýola goýulmagynyň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy we bu ugurda bilelikde işlemegi tabşyrdy.

Soňra Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň bezeg aýratynlyklaryna we yşyklandyryş taýdan özboluşly bolmagyna ýene bir gezek üns çekildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýokary woltly elektrik bekediniň gurulmagy bilen baglanyşykly degişli tabşyryklary berip, onuň guruljak ýerini kesgitlemek, taslamasyny düzmek boýunça işleri ýerine ýetirmek hem-de taslamany amala aşyrjak kompaniýany saýlamak babatda bäsleşik geçirmek barada görkezmeleri berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Russiýanyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjümi ýazgardy

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Ata Watan Eserleri

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi