SPORT

Russiýanyň Küşt federasiýasy Aziýa goşuldy

Aziýanyň Küşt federasiýasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde oňa gatnaşyjylar Russiýanyň Küşt federasiýasynyň Aziýa yklymyna goşulmagy üçin ses berdi. Abu-Dabi şäherinde geçirilen ses berlişikde gatnaşyjyňlaryň 29-sy Russiýanyň Küşt federasiýasynyň Aziýa yklymyna goşulmagyny goldady.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 14-nji aprelinde Aziýanyň Küşt federasiýasynyň Gözegçilik geňeşi Rusisýanyň federasiýasynyň goşulmagy hökmünde karar kabul edipdi. Şoňa laýyklykda, şu ýylyň 22-nji fewralynda Halkara Küşt federasiýa bu çözgüdi tassyklady.

Netijede, soňky çözgüt Aziýanyň Küşt federasiýasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisine galypdy. Bu ýerde hem degişli karar kabul edildi we rus grosmeýsterleri mundan beýläk Aziýa yklymynyň halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.

BAE-niň wekili Sultan bin Halifa Al Nahaýýan Aziýanyň Küşt federasiýasynyň başlygy wezipesine saýlandy. Ol 5 ýyllyk möhlet bilen saýlandy we 2026-njy ýyla çenli bu gurama başlyklyk eder.

Ýene-de okaň

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy

AFK Çempionlar ligasy 2: «Arkadag» ilkinji tapgyry 1 utuk bilen başlady

Türkmen türgenleri bir halkara ýaryşda 40 medal gazandy

«Ahal» topary Hindistanda ýeňiş gazandy

Ronaldo Saud Arabystanyda “Altyn aýakgap” baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Luka Modriç 64 ýyllyk rekordy täzeledi