DÜNÝÄ

Londonda Türkmenistanyň maýa goýum forumyny guramak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikinji “Gurluşlaýyn dialog” başlandy.

Bu maslahatlaşmalarda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi, britan wekiliýetine bolsa Beýik Britaniýanyň DIM-niň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň başlygynyň orunbasary Jastin Makkenzi Smit ýolbaşçylyk etdi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebit syýasaty, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem-de adam ölçegleri ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Iki ýurduň halkara giňişligindäki, hususan-da BMG-niň çygryndaky netijeli hyzmatdaşlygynyň has hem giňeldilmeginiň hem-de pugtalandyrylmagynyň zerurlygy nygtaldy.  Bu ýerde abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň derwaýyslygy bellenildi.

Şeýle hem taraplar Owganystandaky ýagdaý boýunça iki ýurduň çemeleşmeleri barada pikir alyşdylar we terrorçylyga garşy göreşmek ugrundaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, söwda gatnaşyklarynynyň häzirki ýadaýyna syn berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmen-Britan söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) ähmiýetli mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy arkaly özara söwdanyň göwrüminiň artdyrylmagy boýunça geljekki hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy hem-de Londonda Türkmenistanyň maýa goýum forumyny guramagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşyldy.

Ertir 23-nji fewralda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary ýurt edaralarynyň arasynda geçirilýän “Gurluşlaýyn dialog” öz işini dowam eder.

Ýene-de okaň

Donald Tramp 80 ýaşady

Türkmenistanda Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini dikeltmek işi dowam edýär

Türkmenistanyň ilçisi Filippinleriň Garaşsyzlyk gününiň çärelerine gatnaşdy

Türkmenistan Pekinde geçirilen Adam hukuklary ýokary derejeli foruma gatnaşdy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak toparynyň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça Bonn maslahatyna gatnaşýar