BIZNES

Türkmenistan “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” Işewürler Dialogyna gatnaşdy

Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde Ýaponiýanyň ROTOBO assosiasiýasy tarapyndan “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” Işewürler Dialogy geçirildi.

Dialogyň işine Merkezi Aziýa döwletleriniň Ýaponiýadaky Ilçileri, Merkezi Aziýa döwletleri bilen döredilen Ykdysady komitetleriň ýolbaşçylary, Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň hem-de ýapon kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Dialogda çykyş edip, iki ýurdyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýn ugurlary, ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda işlerini alyp barmagy üçin döredilýän amatly şertler barada habar berdi we çärä gatnaşan kompaniýalary Türkmenistanda taslamalary amala aşyrmaga çagyrdy.

Related posts

Türkmenistan ile Tataristan iş dünyası ortak projelere imza atacak

vepa

Hazar’ın Türkmen Kıyısında Enerji Üretimi Artmaktadır

vepa

«Mähirli Zenan» modalar öýi Türkmen gazet saýtynda

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment