DÜNÝÄ

ABŞ-dan Türkmenistana sanly diplomatiýa boýunça hyzmatdaşlyk teklibi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Metýu Klimow bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda syýasy, medeni, ynsanperwer we beýleki ugurlarda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ösüşi we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň halkara meýdançalarda alyp barýan işlerine üns berildi. Türkmenistanyň Hökümetiniň dünýä derejesinde parahatçylyk medeniýetini ösdürmek ugrundaky yzygiderli işi bellendi. Şunuň bilen baglylykda, BMG Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen “Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly” yglan edilmeginiň ähmiýetine we öz wagtynda kabul edilmegine üns çekildi.

Taraplaryň bilim, medeni alyş-çalyş, taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak we dikeltmek ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge taýýarlygy tassyklandy.

ABŞ-nyň ilçihanasynyň maglumat işlerinde, habar beriş serişdelerinde we sanly diplomatiýada hyzmatdaşlyk etmek baradaky tekliplerine garaldy.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar

Türkmen-eýran gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Tailand: migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gazagystanda okuw maslahatyna gatnaşdy

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi