SPORT

Ispaniýanyň Şa Kubogy: “El-Klasiko” duşuşygy bolar

Ispaniýanyň Futbol federasiýasynyň binasynda Şa kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynyň bijeleri çekildi. Bu bije çekilişigiň netijesinde, futbol janköýerleri “El-Klasiko” duşuşygyna tomaşa etmek mümkinçiligine eýe bolar.

Şa kubogynyň ýarym finalynda “Real Madrid” bilen “Barselona”, şeýle hem “Atletiko Bilbao” bilen “Osasuna” duşuşar.

Ýarym final duşuşyklar 2 oýundan ybarat bolup, onuň ilkinji 1-2-nji martda, jogap duşuşyklary bolsa 4-5-nji aprelde geçiriler.

Şa kubogyny 31 gezek gazanan “Barselona” topary 2011-nji ýyldan bäri bu kubogy 6 gezek gazandy. Onuň esasy garşydaşy “Real Madrid” topary bolsa Şa kubogyny 19 gezek gazandy we 2014-nji ýylda bäri bu arzyly kubogy gazanyp bilmän gelýär.

Şa kubogynyň 2023-nji ýyldaky ýeňijisi 6-nji maýda Seilýa şäherindäki stadionda geçiriljek final duşuşygynyň netijesinde belli bolar.

Kubogyň final tapgyryna çykan toparlar Ispaniýanyň Superkubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşda hem oýnamaga hukuk gazanýar.

Golaýda geçirilen Ispaniýanyň Superkubogy ugrundaky ýaryşyň finalynda “Real Madrid” bilen “Barselona” toparlary duşuşypdy. Duşuşykda ýeňiş gazanan “Barselona” topary bolupdy.

Ýene-de okaň

Ronaldo dünýäniň iň köp girdeji gazanýan türgeni

“Bloomberg”: Messi Ronaldodan ýarym ýyl soňra milliarder boldy

Bütindünýä welosiped güni: köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçiriler

Ronaldo Saud Arabystanynyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

“Aston Willa” taryhynda ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy

Eýranyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna Antalyada taýýarlanýar

Ata Watan Eserleri