JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy: kadaly suw akymlaryny üpjün etmek zerurdyr

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň töwerekleri boýunça iş saparyny amala aşyrmagyň barşynda Garagum derýasynyň hem-de beýleki akabalaryň suwuny rejeli peýdalanmak, derýanyň kadaly akymyny üpjün etmek, onuň kenarlaryny berkitmek meselelerine aýratyn üns berdi.

Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň dowamynda Garagum derýasynyň 798-nji kilometrinde ýerleşýän köpriniň üstünde saklandy. Bu ýerde Milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow, şeýle-de «Altkom» we «Interbudmontaž» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary A.Tislenko hem-de W.Petruk mübäreklediler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde ýurdumyzda suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, topragy gurplandyrmak maksady bilen, suwaryşyň täze usullaryny giňden ornaşdyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň suw howdanlaryny we akabalaryny göwnejaý ýagdaýda saklamak, olary arassalamak meselelerine uly üns berilýändigini belläp, bu meseleleri çözmekde daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň ösen tejribelerini ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygy ynanylan «Altkom» kompaniýasynyň ýolbaşçysy häzirki wagtda desgada alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. «Interbudmontažyň» ýolbaşçysy bolsa ýurdumyzda gurlan lagym ulgamlarynyň işleýşi barada maglumat berdi. Olar dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen we daşary ýurtly kompaniýalaryň netijeli işlemekleri üçin amatly şertler döredilen Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny belläp, bu ugurda toplan tejribelerini öz işlerinde netijeli ulanmaga taýýardyklaryny nygtadylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň ähli derýalarynda, suw akabalarynda, şol sanda Garagum derýasynda suwuň kadaly akymyny üpjün etmegiň, aýratyn-da, bu işlere gyş paslynda örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramy bellener

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministrini kabul etdi

Aşgabatda 2027-2028-nji ýyllar üçin GDA-nyň ýaşlar paýtagty yglan edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 4 milliard dollardan geçdi

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi Moskwada geçiriler

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Ata Watan Eserleri